Türkmenistanyň Prezidenti talyplaryň öňünde umumy okuw sapagyny geçdi

  • 02.09.2021 07:37
  • 24k+

1-nji sentýabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen Lideriniň çykyşyny uly üns bilen diňlediler. Ol türkmen halkynyň geçen taryhy ýoluna, häzirki ösüşlerine hem-de ýaşlaryň öňünde durýan wezipelerdir borçlara bagyşlandy.

Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy öwüt berdi.

Türkmen Lideri ýaşlara ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygyň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýady hökmünde ähmiýetini aýratyn belledi. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda — 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmenistanyň daşary syýasaty barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany: «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar» diýip nygtady.

Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir diýip, türkmen Lideri ýaşlara nesihat berdi.

Bellenilişi ýaly, bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge hem uly ähmiýet berýäris. Munuň üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglary, Köpetdagyň sapaly jülgesinde, Awazada çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri guruldy hem-de gurulýar. Bilim edaralary döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, ýokary hilli elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrýarys. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlendi.

Umuman, türkmen Lideriniň çykyşynda döwlet syýasatynyň ähli ugurlary boýunça gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, amala aşyrylýan milli maksatnamalar, Türkmenistanyň taryhy, beýik şahsyýetleriň gymmatly mirasy... dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda goşgy setirlerine, halk nakyllaryna we rowaýatlara ýüzlenmek bilen, ýaşlary watansöýüjilige we ýokary ahlaklylyga, halkyň bähbidine hyzmat etmäge çagyrdy.

Çykyşyň ahyrynda türkmen Lideri umumy sapak boýunça ýaşlarda ýüze çykan sowallar bilen gyzyklanyp, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň käbiriniň oý-pikirlerini diňledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowallaryny hat üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna iberip biljekdiklerine ünsi çekdi.


düýn 00:01
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň HGI Fransiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

«Türkmen-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zamanyň kynçylyklary we geljegi» atly maslahatyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa Parižde Fransiýanyň...

23.11.2025 22:56
4.5k+

Merkezi Aziýa döwletleri ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny özara ykrar etmek barada ylalaşdylar

Merkezi Aziýa döwletleri akkreditirlenen ýokary bilim edaralary tarapyndan berlen diplomlary özara ykrar etmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Orient agentliginiň Zakon.kz portalyna salgylanyp ýazmagyna görä, resminamada sebitiň döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň hem, şeýle diplomlary umumy şertlerde ykrar etmek barada ylalaşandygy aýdylýar...

22.11.2025 10:34
5.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa we Wengriýa ýaşlary okuwa ibermek barada degişli işleri geçirmegi tabşyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldady.  Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B...

19.11.2025 13:56
5.3k+

Türkmen talyplary Polşada ISTCiM-2025 olimpiadasynda 2 kümüş medal aldylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6-9-njy noýabrda Polşanyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 7-nji Halkara toparlaýyn matematika bäsleşigine (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2025) gatnaşdylar...