Russiýanyň milli ýygyndysy kenar futboly boýunça dünýä çempiony boldy

Russiýanyň milli ýygyndysy kenar futboly boýunça dünýä çempiony boldy

Russiýanyň kenar futboly boýunça milli ýygyndy topary 2021-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Ruslar final oýunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyny 5:2 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Oýunda Ýuriý Kraşeninnikow iki gol geçirip, dubl etdi. Fedor Zemskow, Andreý Nowikow we Artur Paporotnyý dagylar bolsa hersi bir gol bilen tapawutlandylar.

Russiýanyň milli ýygyndysy bu Dünýä çempionatynda taryhda üçünji gezek ýeňiji boldy. Ondan öň ruslar 2011-nji we 2013-nji ýyllarda ýaryşda birinjiligi eýelemegi başarypdyrlar, 2019-njy ýylda geçirilen çempionatda bolsa ruslar ýaryşy üçünji orunda tamamladylar.

Kenar futboly boýunça Dünýä çempionatynyň ýeňiş rekordy Braziliýanyň milli ýygyndysyna degişlidir (14 gezek). Mundan öňki Dünýä çempionatynda bolsa portugaliýalylar ýeňiji bolupdylar.

Ýatlap geçsek, kenar futboly boýunça Dünýä çempionaty her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 1995-nji we 2009-njy ýyllar aralygynda ýaryş her ýyl geçirildi.