Ýakynda Mary welaýatynda iri çäreler geçiriler

  • 21.08.2021 02:28
  • 16k+

Ýakyn günlerde Mary şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen desganyň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler. Onuň çäklerinde bu medeni toplumyň tomaşaçylar zalynda welaýatyň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti geçiriler. Şeýle hem Mary şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy we Baýramaly şäherinde haly önümhanasy ulanylmaga berler. Bu barada Hökümetiň 20-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyryp, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň taslamasyny düzmek, ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Desganyň gurluşyk işleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlanyp, ol 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berler. 


06.05.2026 22:58
6.9k+

«Maryawtoulag» önümçilik birleşigi täze sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Mary welaýatyndaky «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi ilata hödürlenýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, tejribeli......

03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
6.9k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......