Türkiýe COVID-19 koronawirusy boýunça täze anti-rekord goýdy

Türkiýe COVID-19 koronawirusy boýunça täze anti-rekord goýdy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 17-nji awgustda ýurtda 21 müň 692 sany täze kesel ýokuşmasy hasaba alyndy. Bu barada penşenbe güni TurProm habar berdi.

Ozal görkezijiler birneme peselen hem bolsa, şypahanalar ýurdunda koronawirus ýokuşma hadysalarynyň ýene-de köpelýändigi habar berilýär. COVID-19 bilen keselleýänleriň arasynda täze aradan çykanlaryň sanynyň 165 adama ýetendigi bellenilýär. Munuň özi 2021-nji ýylyň maý aýynyň ahyryndan bäri gündelik görkezijiler üçin anti-rekord bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, Germaniýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly käbir ýurtlar Türkiýäni bireýýäm syýahatçylyk üçin howply ýurt diýip yglan etdiler. Şeýle-de bolsa, ol beýleki ýurtlaryň köpüsine dynç almak üçin henizem elýeterli bolmagynda galýar.

“Eger-de biz howpsuzlyk çärelerini berjaý etmesek, sanjymlar arkaly köpçülikleýin immunitete eýe bolýançak köp ýitgi çekeris. Biz seresap bolmaly we haýal etmän sanjym almaly" diýip, Türkiýäniň saglyk ministri Fahrettin Koja sişenbe güni özüniň şahsy twitter hasabynda aýtdy.