Täze nesliň Toyota Land Cruiser Prado SUV awtoulagy 2022-nji ýylda çykar

  • 18.08.2021 12:07
  • 18k+

Toyota Land Cruiser flagman awtoulagy eýýäm bir nesil kämilleşmäge ýetişdi, netijede ýakyn wagtda Land Cruiser Pradonyň hem nesil çalyşmagyna garaşylýar. Ýaponiýanyň Creative Trend neşiriniň insaýderleriniň habaryna görä, täze Prado 2022-nji ýylyň tomsunda çykar. Bu barada car.ru habar berýär.

Land Cruiser Prado 250 baradaky maglumatlar heniz doly resmi däl, şonuň üçinem olara 100 göterim ynanardan heniz ir. Şeýle-de bolsa, CarsWeek.ru sahypasynyň ýazmagyna görä, žurnalistler ulagyň daşky gurluşyny we tanymal dizaýnyny saklajakdygyna ynanýarlar.

Täze Prado-nyň Land Cruiser 300-däki TNGA-F (GA-F) modul platformasynyň kiçeldilen görnüşine esaslanmagyna garaşylýar. Täze arhitektura awtoulagy öňküsinden has ýeňil we rahat eder diýip, çeşme belleýär.


düýn 09:18
3.4k+

Toyota oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy yzky oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli Hytaýda ýarym milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasyna salgylanyp, Reuters agentligi......

30.03.2026 15:52
3.5k+

Toýota, Ford we Volkswagen: golaýlap gelýän Nýu-Ýork awtosalonynyň esasy premýeralary

Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag......

29.03.2026 11:16
8.7k+

Toyota ýolsuz ýerler we şäher üçin Land Cruiser 250-niň täze görnüşlerini hödürledi

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250-niň iki sany täze ýokary wersiýasyny — VX we VX-L modellerini hödürledi. Olar ýolsuz ýerler we gündelik rahat sürüş üçin sazlandy....

22.03.2026 04:10
2.1k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...