Gresiýada dünýäniň iň owadan kenarýakalarynyň biri ýene-de açylar

  • 16.08.2021 16:56
  • 6.9k+

2019-njy ýyla çenli Gresiýada Akropoldan soň surata düşürilýän obýektleriniň meşhurlygy boýunça ikinji orunda bolan Nawagio kenarýakasy syýahatçylar üçin ýene-de açylyp bilner diýip, ATOR habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Häzirki wagtda häkimiýetler ýörite agentlik döretmek isleýärler: bu agentlik syýahatçylyk ýerini ösdürmek we goramak, şeýle-de maýa goýumlary çekmek bilen meşgullanar. Şeýle ýagdaýda Nawagionyň 2022-nji ýylda açylmagyna mümkinçilik bar. 

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda kenarýakada süýşgün bolup, ýedi adam zyýan çekdi. Şondan soň her ýyl bir million töweregi syýahatçyny kabul edýän Nawagio ýapyldy. Zakinf adasyndaky ýeriň ady “gämi heläkçiligi” diýlip terjime edilýär. Kenarýaka dünýäniň iň meşhur onlugyna girýär: bu ýerde 40 ýyldan gowrak mundan ozal kenara taşlanan gadymy garakçy gämisi bar.

Gresiýanyň Syýahatçylyk ministri Harris Teoharisiň aýtmagyna görä, bu mesele indi soňa goýlup bilinmez. Eger zerur çäreler görülmese, gyşyna güýçli tolkunlar gämini iki bölege bölüp, ýok edip biler.

Ministr bu ýeriň tebigy özboluşlylygyny gorap saklamagyň, şeýle-de syýahatçylaryň kenarýaka howpsuz baryp bilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Nawagiony ähli tarapdan beýikligi 45 metrden 225 metre çenli bolan uçut gaýalar gurşap alýar, şonuň üçin oňa diňe deňiz arkaly baryp bolýar. 


düýn 23:58
401

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......