Olimpiada-2020 medal gazanan ýurtlaryň sany boýunça rekord görkezijili boldy

  • 08.08.2021 02:11
  • 13k+

Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlary – 2020 88 ýurtdan gelen türgenleriň medal gazanan ilkinji Oýunlary boldy. Erkekleriň arasynda 400 metr aralyga ylgaw ýaryşynda Bagamalaryň we Grenadanyň milli ýygyndylary özleriniň ilkinji baýragyny alanlarynda, Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan ýurtlaryň sany boýunça rekord goýuldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Olimpiada sportuň görnüşleri (33) we kategoriýalar (339) boýunça-da iň göwrümlisi boldy. Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilýän Oýunlara 19 müň türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Belläp geçsek, bagamaly türgen Stiwen Gardiner 400 m aralyga ylgamakda 43,85 sekunt netijäni görkezdi. Zenanlaryň arasynda 400 metr aralyga ylgaw ýaryşynda hem bagamaly Şona Miller-Uýbo ýeňiş gazandy. Ol 48,36 sekunt netijäni görkezdi. 

Häzir Bagama adalarynyň hasabynda 2 altyn medal bar. XXXII Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam eder.


02.06.2026 17:37
4.8k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......