Türkmenbaşy portunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi geçirildi

  • 07.08.2021 08:45
  • 23k+

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi geçirildi.   

Halkara serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Ýokary derejeli myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergisini synladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Gazagystanyň önümleriniň sergi powilýonlary guraldy. Döwlet Baştutanlary dostluk-doganlyk nyşany hökmünde ýerleşdirilen tut agajyna we onuň daş-töwereginde guralan dostlukly goňşy döwletleriň sergilerine tomaşa etdiler.

Sergide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümlerine we hyzmatlaryna degişli 49 diwarlyk ýerleşdirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleriniň 40 diwarlygy bar.

Sergi öz işini 7-nji awgustda hem dowam eder.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň çäklerinde birža söwdalary geçiriler.


26.04.2026 09:48
2.1k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

22.04.2026 19:17
7k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.04.2026 17:31
3.3k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

21.04.2026 09:32
2.2k+

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Antalýada «Geljegi meýilleşdirmek,......