Saryja tomus we Ýaldyrak: salkyn günlerem o diýen uzakda däl

Saryja tomus we Ýaldyrak: salkyn günlerem o diýen uzakda däl

Dünýä, durmuş, tebigat babatda türkmeniň öz garaýşy, öz hasaby bar.  Bu hasap-garaýyş üstünden müňýyllyklaryň aşandygyna garamazdan özüniň takyklygy bilen haýran galdyrýar. Gadym döwürlerden bäri Gün, Aý we ýyldyzlar wagty hem-de tarap-ugry kesgitlemek üçin giňden peýdalanylypdyr. Şonuň netijesinde uzak taryhyň dowamynda halkymyz takyk aý we ýyldyz hasabyny düzüpdir.  Älemde manysyz ýaradylan zat ýok. Her bir zadyň özüne ýetik sebäbi, hikmeti bar. Gadymy ýazgylardan mälim bolşuna görä, her gezek ýyldyz doganda howa üýtgemek bilen bolýar. Hiç wagt täsirini bildirmän dogýan ýyldyz ýokdur. Ýaldyragyň ýangyny, Garagyşyň gazaby... ýa-da pelegiň on iki burçuny kesip geçýän Zemin her gezek bir ýyldyzyň örüsine aralaşanda, ýa jöwza möwjeýär, ýa howa sowaýar, ýa-da gar, ýagyş, ýel, tupan peýda bolýar. 

Aýyň, Günüň hem-de ýyldyzlaryň dogup-ýaşýan wagtlaryny bilmek ekerançylar üçinem, maldarlar üçinem örän ähmiýetli. Hasyllylygy artdyrmak üçin ýylyň haýsy möwsüminde nähili ekinleri, daragtlary ekmelidigi, mallaryň baş sanyny we süýdüni, ýüňüni köpeltmek üçin olara haýsy wagtda neneňsi ideg edilmelidigini bilmek zerur. Şeýle dürs we takyk hasaby bolan halk ekerançylygyň, maldarçylygyň, önümçiligiň ähli babatynda ýokary netijeleri gazanýar.

Ine, biziň şu günlerimizde türkmeniň saryja tomsy dowam edýär. Bu ýylyň iň yssy möwsümidir. Şu möwsümiň juda yssy bolýandygy gadymy ýazgylarda hem beýan edilýär. Has irki taryhy çeşmelerde, “bu möwsümiň elli gün dowam edýändigi, şonuň üçin oňa “hamsin” (arap dilinde “elli” diýmekligi aňladýar) diýilýändigi, hatda şu möwsümde Sahara çölleriniň üstünden ösýän gyzgyn ýelleriň Merkezi Aziýa sebitlerini hem gurşaýandygy” nygtalýar. “Hamsin” öz içine 22-nji iýundan 10-njy awgust aralygyny alýar. Bu - ýakyp-ýandyryp barýan howruň döwri. Jöwzaly tomus diýilýäni. Jöwza sözi biziň häzirki dilimizde tomsuň ýangynly, epgekli yssysy manysyny berse-de,  aslynda ol söz  arap dilinde Al-Jewza (Ekizekler) atly ýyldyzlar toplumynyň adydyr. Ylmy maglumatlara görä, ol her ýyl 21-nji iýundan 20-nji iýul aralygynda täsirini ýetirýär. (Ekizekler ýyldyzlar toplumyny Ekizekler burçy bilen garyşdyrmaly däldir). “Tomus” sözi hem gündogar senenamasynda iýul aýyny aňladýan “Temmuz” diýen sözüň biraz üýtgän görnüşidir. 

22-nji iýunda Aralyk ýyldyzynyň dogmagy bilen başlanýan bu esasy yssy döwür, 22-nji iýulda – Üçýyldyzyň dogmagy bilen has-da örküjine ýetýär. Üçýyldyz döwri 22-nji iýuldan awgustyň 9-12-si aralygynda dowam edip, muňa tomsuň “kiçi çillesi” ýa-da «saryja tomus» diýilýär. Açyk we gurak howa, ýalynly howruň ösmegi, howanyň yssylyk derejesiniň juda ýokary göterilmegi bu döwrüň aýratyn alamatlarydyr. Esasanam, Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we yz ýanlary howanyň derejesi has-da ýokarlanmak bilen bolýar. Çünki her ýyldyz doganda hökman howa täsirini ýetirýär. Ýaldyrak ýyldyzy doganyndan soňra howa az-kem çigreýär, otlaryň üstüne çyg düşýär. Mundan soň hem yssy howaly günler bolýar, emma saryja tomsuňky ýaly dowamly we juda ýalynly bolmaýar. Halk arasynda aýdylýan “Ýaldyrak dogandan soň keýik suwsamaz”, “Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar” diýen sözler muňa mysaldyr.                                               

Tomsuň örküjinde ýa-da häzirki dowam edýän saryja tomusda howanyň aşa yssy bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Bol gowaça hasylynyň, bakja önümleriniň we datly miweleriň ýetişmegi üçin şeýle howa tebigy taýdan zerur. Üstesine-de türkmen hasabyna laýyklykda sanlyja günden dogjak Ýaldyrak ýyldyzy bilen tomsuň esasy gyzgyn möwsümi tamamlanýar. Ýöne bir zady unutmaly däldiris: şeýle yssy günleriň dowam edýän wagtynda ýiti Gün şöhlesinden, şeýle hem ýangyndan goranmak möhüm mesele bolup orta çykýar. Yssy howada tokaýlarda, daglarda, sähralarda we öri meýdanlarynda haşal otlaryň guramagy ýangyny döredip biljek sebäpdir. Ýola, tebigata, dynç alşa çykanymyzda, şu meseleleri gözden salmazlyk, ätiýajy elden bermezlik möwsümiň möhüm talabydyr.