Türkmenistanly agyr atletikaçy Tokio Olimpiadasynda 6-njy ýer aldy

  • 27.07.2021 08:21
  • 20k+

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda aýallaryň arasynda 55 kg agrama çenli agyr atletika boýunça ýaryşlar geçirildi. Türkmenistanyň 28 ýaşly wekili Kristina Şermetowa ştangany silterläp götermekde 90 kilogram, itekläp götermekde ikinji gezekde 115 kg agramy götermegi başardy we ýaryşy 6-njy orunda tamamlady.

Filippinli türgen Hidilin Dias 55 kg çenli agram kategoriýasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ştangaçy jemi 224 kg netijäni (ilkinji synanyşykda – 97 kg, itekläp götermekde – 127 kg) görkezdi. Kümüş medaly hytaýly Lýao Sýuýun (223), bürünç medaly Gazagystanyň wekili Zulfiýa Çinşanlo (213) aldy. 
Dias iki Olimpiýa rekordyny goýdy: itekläp götermekde we iki maşkyň jemi boýunça. Dias 30 ýaşynda, ol üç gezek dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy (2015, 2017, 2019). Şeýle-de, onuň hasabynda Aziýa çempionatynyň (2015) we Aziýa oýunlarynyň (2018) altyn medaly bar.

 

Ýaryşyň gutarnykly netijeleri şulardan ybarat:

  1. Hidilin Diaz (Filippinler) - 224 kg (97+124) - olimpiýa rekordy
  2. Kiýun Liao (Hytaý) - 223 kg (97+126)
  3. Zulfiýa Çinşanlo (Gazagystan) - 213 kg (90+123)
  4. Muattar Nabiýewa (Özbegistan) - 212 kg (98+114)
  5. Kamila Konotop (Ukraina) - 206 kg (94+112)
  6. Kristina Şermetowa (Türkmenistan) - 205 kg (90+115)
  7. Ham Yn-Ji (Günorta Koreýa) - 201 kg (90+115)
  8. Nua Landulsi (Tunis) - 196 kg (88+108)
  9. Ana Lopes (Meksika) - 195 kg (90+105)

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
22k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.6k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......