Awstraliýaly suwda ýüzüjiler dünýä rekordy bilen 4x100 m aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda ýeňiji boldular

  • 25.07.2021 15:46
  • 2.8k+

Awstraliýanyň ýüzmek boýunça zenan ýygyndysy dünýä rekordy bilen 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar. 

Bronte Kempbell, Keýt Kempbell, Emma Makkeon, Megan Harris bu aralygy 3 minut 29,69 sekuntda geçdiler. Mundan öňki dünýä rekordy – 3 minut 30,05 sekunt hem awstraliýalylara degişlidi, ol 2018-nji ýylda goýuldy.
Ikinji orny Kanadanyň topary (yza galyş – 3,09 sekunt), üçünji orny amerikan topary (+3,12) eýeledi.

 


düýn 18:17
7.2k+

Jeýk Pol iň uly şüweleňiň guramaçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi...

08.07.2025 17:49
15k+

Hytaýly türgen bir elde turnik çekmekde Ginnesiň rekordyny goýdy

Hytaýly türgen Li Szeçuan bir eli bilen minutda 35 gezek turnik çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, ol şol bir wagtda 40 funt (18 kg-dan gowrak) agyrlyk bilen 44 gezek turnik çekip, ýene bir üstünlik gazandy...

21.06.2025 12:22
8.4k+

“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer

20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy...

16.06.2025 11:05
4.2k+

Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi

Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi. Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi...