Gümrük gullugynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri

  • 20.07.2021 17:24
  • 9.8k+

Türkmenistanyň dünýäniň ulag-logistika merkezine öwrülmegi bilen ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň tory döredildi. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem gury ýer, howa we suw ýollary arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklar döwrebap häsiýete eýe bolýar.

«Serhetýaka», «Ymamnazar» ýaly döwrebap gümrük nokatlarynda elektron ulgam hereket etmek bilen, demir ýol ulaglaryndaky ýükler awtomatik usulda kompýuterler arkaly barlanylyp, jikme-jik hem-de takyk gümrük gözegçiligi geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçynyň wagtyny tygşytlaýar we işiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ine, şunuň ýaly innowasion tehnologiýalara we enjamlara daýanýan awtomatika ulgamy gullugyň harby gullukçylaryň öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerini talap edýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işine elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzyň çäginde halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan ulaglaryň ähli görnüşleriniň hereketine onlaýn ýagdaýynda gözegçiligi amala aşyryp bolýar. Häzirki wagtda bitewi maglumat-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň netijesinde gümrük resminamalaryny resmileşdirmek işi sanlylaşdyrylýar.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......