Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemi jemlener

  • 18.07.2021 09:13
  • 10k+

Golaýlaşyp gelýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň konserti geçiriler. Bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa türkmen Liderine hasabat berdi.  

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçiriler. Şeýle-de bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çärelerini, onlaýn maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeleri berip, wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......