Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary uly ynam bilen iň iri sport baýramçylygyna ugradyldy

  • 17.07.2021 12:42
  • 28k+

16-njy iýulda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler. Agyr atletika boýunça geçiriljek bäsleşige 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Hojamuhammet Toýçyýew we Öwez Öwezow 109, Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde, 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa, 55 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Kristina Şermetowa çykyş ederler. Mergen Mämmedow ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşar. 52 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça bäsleşiklere gatnaşar. Merdan Ataýew suwda arkanlygyna ýüzmek boýunça 100 we 200 metr aralyga, Darýa Semýonowa bolsa bras usulynda 100 metr aralyga güýç synanyşarlar. Olimpiýa ýaryşlarynyň geçirilýän günlerinde ussat sport hünärmenleri we tälimçiler türgenleriň ýanlarynda bolarlar.
Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw etdi, olaryň dünýä möçberindäki iri bäsleşiklerde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejede belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.
Dabara gatnaşyjylar XXXII tomusky Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport meýdançalarynda türkmen türgenlerine rowaçlyklar we üstünlikler arzuw etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
“Sport” myhmanhanasynyň eýwanynda türkmen türgenleriniň gazananlaryna bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň türgenleriniň iri halkara bäsleşiklerde mynasyp bolan sylaglary görkezildi.
Ýeri gelende bellesek, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.


21.04.2026 20:58
5.6k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.7k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......