Şu gün Balkan welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasy açylýar

  • 14.07.2021 09:33
  • 11k+

Şu gün — 14-nji iýulda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyşlary, şeýle-de Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak mynasybetli dabara geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar. Bu barada 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Türkmen Lideri Balkan welaýatyna iş sapary mynasybetli görülýän taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasy bilen tanşyp, wise-premýer, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanynyň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi. Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde zerur işler geçirildi.
«Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň hem halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu bolsa Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açar» diýip, türkmen Lideri nygtady.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


28.06.2025 17:30
23k+

Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylansurata alyjy duzaklara düşdi. Surata...

28.06.2025 00:01
4.5k+

2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi...

16.06.2025 07:43
12k+

+44 gradusa çenli yssy bolar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ahyrynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

09.06.2025 14:54
12k+

Birinji ýarymynda ýagyş, +39 gradus yssy...: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (09.06 - 15.06)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar...