Finlýandiýa ÝB-niň ýurtlary bilen öýsüzligiň soňuna çykmakda tejribesini paýlaşar

  • 09.07.2021 12:20
  • 3.3k+

Portugaliýada gol çekilen ylalaşykda Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlary 2030-njy ýyla çenli öýsüzligiň soňuna çykmak ugrunda iş alyp barmaga borçly edildi. Şunuň bilen baglylykda, Finlýandiýa bu meselede öz tejribesini paýlaşar. Bu barada azertag.az habar berýär.

Täze ylalaşyga laýyklykda, ÝB-niň agza ýurtlary beýleki meseleler bilen bir hatarda, özara hyzmatdaşlygyň bar bolan ýörelgelerini gowulandyrmaga, şol sanda öýsüzligiň soňuna çykmagyň we ýeterlik maliýeleşdirmegi üpjün etmegiň usullaryny alyşmaga söz berýärler. Şunda Finlýandiýanyň toplan tejribesi gurama agza ýurtlarda uly gyzyklanma döredýär.
Häzirki günde bu demirgazyk döwleti Ýewropa Bileleşiginde eýýäm birnäçe ýyldan bäri öýsüzleriň sany yzygiderli azalýan ýeke-täk ýurt hasaplanýar. Finlýandiýanyň daşky gurşaw we klimat işleri boýunça ministri Kristy Mikkoneniň sözlerine görä, alnan netijeler agyr zähmeti talap etdi we häzirem şeýle bolmagynda galýar. «Biz öz işimiziň dowamynda toplanan maglumatlary we usullary paýlaşmaga şatdyrys. Meselem, ýaşaýyş jaý gurluşygy ulgamynda Finlýandiýanyň ýörelgesi eýýäm netijeli usul hökmünde ykrar edildi, biz Ýewropa Bileleşiginiň beýleki agza döwletlerini hem ondan peýdalanmaga çagyrýarys» diýip, Mikkonen belleýär.  
Ministriň sözlerine görä, Finlýandiýada öýsüzligi gönüden-göni jemgyýetiň sosial, saglyk we adamlaryň psihiki saglyk meseleleri bilen baglanyşdyrýarlar. «Ine, näme sebäpden biziň ýurdumyz eýýäm köp wagtdan bäri öýsüzligiň soňuna çykmagyň üstünde işleýär. Biz Ýewropanyň beýleki döwletleriniň hem öýsüzlige garşy göreşmek boýunça maksatlaýyn görkezijilerini ýokarlandyrandyklaryna begenýäris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
742

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

18.06.2026 12:31
5.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....