Trampyň tarapdarlary täze sosial tory işe girizdi

  • 06.07.2021 23:56
  • 5.3k+

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň topary Gettr atly täze sosial toruny işe girizdi. Ol iri tehnologiýa kompaniýalarynyň eýeçilik edýän sosial torlaryna goşmaça görnüş hökmünde çykaryldy. Bu barada «Politico» neşiri ýazýar.

Goşundynyň suratlandyrmasynda aýdylyşy ýaly, onuň esasy wezipesi ýatyrma medeniýetine garşy göreşmäge, sagdyn pikiri ilerletmäge, söz azatlygyny goramaga we sosial torlarda agalyga garşy göreşmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, täze sosial tory Trampyň ozalky wekili Jeýson Miller ösdürýär. Täze goşundy Twitter-e örän meňzeş. ABŞ-nyň 45-nji Prezidentiniň Gettr hasabynyň peýda boljakdygy ýa-da bolmajakdygy entek belli däl. Žurnalistleriň pikiriçe, täze sosial tor Trampyň öz tarapdarlary bilen aragatnaşyk saklaýan platformasyna öwrüler.
Ýeri gelende bellesek, habar beriş serişdeleri maý aýynda ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň öz tarapdarlary bilen haýsy torda aragatnaşyk etjekdigini 4-nji iýuna çenli kesgitlejekdigini ýazypdy. Olaryň arasynda üç sany platforma — CloutHub, FreeSpace we Rumble bardy. Sebäbi syýasatçynyň Twitter we Facebook sahypalary ýapylandan soň, onuň tarapdarlary şu sosial torlary işjeň ulanmaga geçdiler.
Belli bolşy ýaly, Twitter, Facebook, Instagram ýaly meşhur sosial torlar, şol sanda Twitch oýun platformasy 6-njy ýanwarda Kapitolyň binasyna çozuş etmäge çagyryşy üçin Donald Trampyň sahypalaryny ýapdylar.


25.06.2026 14:47
4.8k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....