Fransiýada Monblan Marafony badalga aldy

  • 07.07.2021 02:45
  • 1.7k+

Şamoni şäheriniň eňňitlerinde Golden Trail dünýä seriýasynyň ýeke-täk fransuz tapgyry bolan Monblan Marafony badalga aldy. 

Euronews-iň habar bermegine görä, kyn sanitar ýagdaýy sebäpli, şu ýyl 38 km çenli gysgaldylan ylgaw ýaryşyna tas 1300 türgen gatnaşdy.
Ýoluň üýtgäp durýan belentli-pesli bölegi gipertehniki hasaplanýar we çydamlylygy talap edýär. Bu marafonyň özboluşly aýratynlygy 2000 m belentlikde pellehana çykmakdyr. Ol ýerden Monblan dagyna görnüş açylýar.
Bu ylgaw ýaryşynda erkekleriň arasynda norwegiýaly Stian Angermund gowy netije görkezdi. Ýagny, ol 3 sagat 18 minut we 8 sekunt netije bilen italiýaly Dawid Manýiniden 2 minut we polýak Bartlomeý Pşedwoýewskiýden 5 minut 15 sekunt öňe saýlandy. 
Aýallaryň arasynda şweýsariýaly Mod Matis ýaryşyň öňdebaryjysy boldy. Ol bu aralygy 3 sagat 51 minut we 4 sekuntda geçip, gyzy Anais Sabriden 9 minut öňe geçdi. Üçünji Blandin L’Irondel boldy.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......