Chanel AirPods gulaklyklary üçin eksklýuziw daşlyklary hödürledi

  • 05.07.2021 14:34
  • 3.5k+

Chanel fransuz öýi AirPods simsiz gulaklyklary üçin brend daşlyklaryny hödürledi. Täze önümiň suraty moda öýüniň saýtynda peýda boldy diýip, Day.Az habar berýär.

Aksessuarlar polimerden gara we goňras reňklerde ýasalyp, brendiň logotipi bilen bezelipdir. Olary boýnuňdan asgyç hökmünde hem ulanmak bolýar, sebäbi olaryň dürlerden düzülen sapagy bar.
Mundan başga-da, gulaklyklar üçin metal reňkde deriden taýýarlanan daşlyk bar. Ol hem altyn Chanel logotipli zynjyr bilen gelýär. 
Gulaklyklaryň hemişe el ýüzünde bolmagy üçin, brend ýörite özboluşly dür monjugyny hem döretdi. Bu monjuga gulaklyklaryň özüni berkitmek bolýar.
Brend aksessuarlarynyň bahasynyň 1650 dollardan başlap, 2675 dollara ýetýändigi bellenilýär.

düýn 20:25
1.8k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......