ABŞ-da adamyň koronawirus bilen keselländigini anyklaýan örtük oýlanyp tapyldy

ABŞ-da adamyň koronawirus bilen keselländigini anyklaýan örtük oýlanyp tapyldy

Amerikan alymlary dakynan adamyň täze görnüşli koronawirus bilen keselländigini kesgitläp bolýan gorag örtügini işläp taýýarladylar. Bu barada Massaçusets tehnologiýalar institutynyň saýtynda çap edilen makala salgylanyp, trend.az habar berýär.

Bu institutyň hünärmenleri Garward uniwersitetindäki kärdeşleri bilen bilelikde uly bolmadyk oturtma datçigi bolan örtügiň nusgasyny döretdiler. Ony barlaghana halatlarynyň we beýleki egin-eşikleriň içine hem tikip bolýar.
Datçik örtük dakylandan, takmynan, bir ýarym sagatdan soň netijäni ýüze çykarýar. Ony görkezilýän maglumat daş-töwerekdäki adamlara görünmez ýaly görnüşde hem işletmek bolýar. Şeýle mümkinçilik gizlinlik maksady bilen göz öňünde tutuldy. Makalada bellenilişi ýaly, şu hili datçikleri birnäçe ýyl mundan ozal işläp taýýarlamaga başladylar. Ozal bu datçikler Ebola we Zika wiruslary bilen kesellänleri ýüze çykarmak üçin ulanylypdyr. Olary beýleki görnüşli wiruslary anyklamak üçin hem ulanyp bolar.