UEFA klublaýyn ýaryşlarda myhmançylykdaky gol düzgünini ýatyrýar

  • 27.06.2021 07:42
  • 7.9k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Ýewropa ýaryşlary üçin myhmançylykdaky gol düzgünini ýatyrmak baradaky teklibi tassyklady. Guramanyň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, karar Klublaýyn ýaryşlar komitetiniň we Aýal-gyzlar futboly komitetiniň teklibi bilen kabul edildi.

Myhmançylykdaky gol düzgüni ýer eýeleri üçin, esasanam, birinji oýunda hüjüm etmegiň manysyny gaçyrdy diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin belleýär.
1965-nji ýyldan bäri hereket edýän myhmançylykdaky gol düzgünine görä, pleý-off tapgyrynda iki oýundan soň hasap deňme-deň bolsa, ýeňiş myhmançylykda, ýagny garşydaşyň meýdançasynda has köp gol geçiren topara berilýär.
2021/2022 möwsüminiň başyndan başlap, Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda, Konferensiýa ligasynda we Zenanlaryň Çempionlar ligasynyň oýunlarynda myhmançylykdaky gol düzgüni ulanylmaz. Täze möwsümden başlap, iki topar iki oýunda deň mukdarda gol geçirse, oýnuň ykbaly iki sany hersi 15 minutlyk goşmaça ýarym bilen kesgitlener. Ýeňiji şonda-da belli bolmasa, onda toparlar 11 metrlik jerime urgular seriýasyny oýnamaly bolarlar.

"Umumy bir pikire gelinmeýändigine garamazdan, köp tälimçiler, janköýerler we futbola dahylly beýleki adamlar bu düzgüniň dogrudygyna şübhelenip, onuň ýatyrylmagyny goldadylar"-diýip, Çeferin aýtdy.


düýn 15:42
5.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......