Magtymguly Pyragy – söz güýji, kelam gudraty

Magtymguly Pyragy – söz güýji, kelam gudraty

27-nji iýun Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni.

Türkmen halky özüniň aýratynlyklara öwrülen adatlaryny, däp-dessuryny uly toý edip belleýär. Baýrama öwürýär. Bu gün türkmen topragynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan tutulýar. Bu gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň bir günde utgaşykly baýram edilmegi hem döwletliligiň alamatydyr. Ähli adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly atamyzyň agzybirlik, berkararlyk hakdaky pikirleri biziň bu bagtyýar döwrümizde amala aşdy.
Il ykbalyny öz ykbalyndan ýeg gören şahyrymyzyň umytlara we ynamlara ýugrulan  „Hor galmasyn puştba-puştum, Berkarar döwlet islärin“ diýen arzuwlary hasyl boldy. Pyragynyň gursaklarda göteren, setirlerine siňen arzuw-hyýaly sadap gursagyndaky dury suwlaryň düre öwrülişi deýin,  nesilleriň gursagynda ýaşap, ömürlerden ömürlere ýol ýasady. Ol sözler, setirler bu gün Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan ümmülmez giňişlikde ruhubelentligiň ylham çeşmesi bolup ýaşaýar.
Magtymguly Pyragy — söz güýji, kelam gudraty bilen şahyrana älemiň arşyna galan şahyr. Magtymgulynyň şygryýeti — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, söz nepisligine teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Ol çeşme gözbaşyny Oguz handan, Gorkut atadan, Görogludan alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, Watan we watanperwerliginden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik duýgulary, şahyrana sözleri, müň öwüşginli öwüt-ündewleri ynsanlaryň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun, nepis duýgulary döredýär.  
Magtymguly — müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesi, milletiň kalbynyň owazy, türkmen ruhunyň synmajak sütüni.  Türkmen halky özbaşdak döwlet bolýança, Pyragynyň  sözlerini özleriniň esasy durmuş ýörelgesi, şygary hökmünde alyp göterdi.
Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde ylymyň birnäçe ugurlary we adamzadyň ähli ömür menzilleri birin-birin şöhlelendirilýär. Perzendiň kemala gelmeginden dünýä inýänçä, emedekläp ugrandan ýigit çykýança, garrylyk we ömür babatdaky pikirleri paýhas halysynyň çitimlerindäki    eriş-argaç bolup dur.  Älemiň ýaradylyş kyssasy, taryhy söhbetler, hekaýatlar sünnälenip berlipdir.