Tokio Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna 20 müň adam goýberiler

Tokio Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna 20 müň adam goýberiler

Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary onuň açylyş dabarasyna 20 müňe golaý adamy goýbermegi meýilleşdirýärler. Bu barada Kyodo agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

Maglumatlara görä, bu sanawyň içinde adaty tomaşaçylar bilen birlikde, oýunlaryň guramaçylygyna jogap berýän işgärler bar.
Mälim bolşy ýaly, Tokio Olimpiadasy 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi. Oýunlar koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilip, şu ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda geçiriler. 20-nji martda guramaçylar Olimpiadany daşary ýurtly tomaşaçylar gatnaşmasyzdan geçirmek hakynda gutarnykly karara geldiler.
Garaşylyşy ýaly, ýerli tomaşaçylar hem ýaryşlara belli bir düzgünler esasynda goýberiler: stadionlarda olaryň sanyna çäklendirme giriziler we tomaşaçylar hökmany ýagdaýda örtük dakynarlar. Münberlerde goh-galmagal etmek, gaty sesli gygyrmak gadagan ediler. Şol bir wagtda Hökümet eger-de ýurtdaky epidemiologik ýagdaýlar ýaramazlaşsa, tomaşaçylaryň oýunlara goýberilmejekdigini hem ýatladýar.