Harri Potteriň taýajygy we äýnegi auksionda satylar

  • 22.06.2021 18:05
  • 9.9k+

Los-An Anželesde “Harri Potter we Ölümiň peşgeşleri: 2-nji bölüm” filminiň surata düşürilişinde ulanylan taýajyk we äýnek satylar. Bu barada "The Irish News" habar berdi.

Los-An Anželesde 2011-nji ýylda surata düşürilen “Harri Potter we Ölümiň peşgeşleri: 2-nji bölüm” filminiň rekwizitlerini satmak boýunça auksion geçiriler. “Potteriananyň” muşdaklary Deniel Redkliff tarapyndan ulanylan jadyly taýajygy we äýnegi şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda satyn alyp bilerler.
Bu zatlar 30,000 hem-de 50,000 dollar aralygynda bahalandyrylýar. Auksiondan geljek serişdeleriň bolsa haýyr-sahawata gönükdiriljekdigi bellenilýär. Ýazyjy J.K.Rowling tarapyndan döredilen Lumos gaznasyna iberiler.
Auksionda taýajyk hem-de äýnek bilen birlikde jemi on zadyň satyljakdygy habar berildi.

şu gün 00:03
626

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......