Demir ýol we howa gatnawlary üçin petekler «Türkmenpoçtanyň» bölümlerinde satylyp başlandy

  • 17.06.2021 17:44
  • 39k+

«Türkmenpoçtanyň» Aşgabatdaky bölümlerinde içerki demir ýol we howa gatnawlary üçin petekler satylyp başlandy.

Awiagatnawlar üçin petekler Aşgabatdaky №1 (Magtymguly şaýoly, jaý 129), №15 (Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, jaý 83), №17 (Parahat 1,  jaý 59)  we №20 poçta bölümlerinde (Magtymguly şaýoly, jaý 144) satylýar.
Demir ýol petekleri № 15 (Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, jaý 83), №17 (Parahat 1, jaý 59),  №20 (Magtymguly şaýoly, jaý 144)  we  №35 (B.Annanow köçesi, jaý 39-А) poçta bölümlerinde satylýar.
ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, petek satyn almak üçin diňe pasport ýeterlik.  COVID-19-a garşy sanjym boýunça  maglumatlar ýa-da  koronawirus boýunça test barlagyň netijesi diňe syýahat wagtynda gerek.


07.07.2025 10:18
11k+

+43 gradusa çenli yssy: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.07 - 13.07)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

05.07.2025 18:15
2k+

Türkmenistanyň muzeýleri wirtual syýahat ulgamyny ornaşdyrýar we Rimde arheologik sergä taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B...

01.07.2025 19:48
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31 ...

01.07.2025 13:52
1.9k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...