Eýranda dag lyžasynyň otuň üstündäki görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Eýranda dag lyžasynyň otuň üstündäki görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler

5-6-njy awgustda Eýranyň Dizin dag lyžasy kurortynda dag lyžasynyň otuň üstünde oýnalýan görnüşi boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry geçiriler. Bu barada kurortyň ýolbaşçysy Sadeg Kalhoryň sözlerine salgylanyp, Eýranyň IRNA agentligi habar berýär.

«Dag lyžasynyň otuň üstünde oýnalýan görnüşi boýunça bu çempionata dünýäniň 15 döwletinden türgenleriň 45-e golaýy gatnaşar. Ýaryşlar hem erkekleriň, hem zenanlaryň arasynda guralyp, olar päsgeçilikli ýerlerden aşak inmek (slalom), uly we has uly slalom hem-de bu ikisiniň garyşdyrylan görnüşi boýunça bäsleşerler» diýip, Kalhor belleýär.

Ýaryşlara Eýrandan, Awstriýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Fransiýadan, Slowakiýadan, Türkiýeden, Şwesiýadan we Ýaponiýadan türgenler gatnaşar.