Germaniýada hemmeler suwy guýudan içýärler

  • 09.06.2021 20:36
  • 11k+

Germaniýada suw akdyrýan krantlaryň suwy Ýewropada iň arassalaryň biri hasaplanýar. Elbetde, Şweýsariýanyň we Awstriýanyň jaýlaryna turba arkaly Alp daglaryndan gelýän suw has uly meşhurlykdan peýdalansa-da, bu ugurda Germaniýa hem yza galmaýar. Birnäçe gün mundan ozal Federal hökümete hödürlenen hasabata laýyklykda, Germaniýadaky krantlaryň suwy himiki we tagam görkezijileri babatda supermarketlerde satylýan çüýşeli suwlaryňkydan has öňe geçýär. Bu barada azertag.az habar berýär.

Munuň şeýle bolmagynyň esasy sebäbi bolsa ýurtdaky krantlardan akdyrylýan suwa ýylda azyndan 15 müň gezek hil barlagynyň geçirilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Gözegçilik edaralary alnan maglumatlary ünsli seljerýärler. Olaryň maksady suwuň hiliniň tassyklanan standartlara laýyk gelmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu ýurtda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri suwy hlorlamaýarlar. Görlüp oturylsa, onuň zerurlygy-da ýok eken, çünki krantlardaky suwlarda bakteriýalaryň barlygy hasaba alynmandyr.
Ýurduň ýaşaýjylarynyň islendigi özleriniň ýörite saýtlaryna poçta indekslerini girizmek bilen, islendik wagtda ulanýan suwunyň hilini barlagdan geçirdip bilýär. Şeýle ynamlylyk nemesleriň tas ählisine diýen ýaly suwy guýudan içmäge mümkinçilik berýär.


21.05.2026 22:52
6.9k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.5k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

16.05.2026 09:28
5.4k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....