Ýewroparlamentiň spikeri Balkan ýurtlaryny Ýewropa Bileleşiginiň düzümine goşmaga çagyrýar

  • 08.06.2021 22:02
  • 6.3k+

Ýewroparlamentiň spikeri Dawid Sassoli Balkan ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň girizilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu barada onuň golaýda «Funke» media toparyna beren maglumatyna salgylanyp, TASS habar berýär. 

«Ýewropa Bileleşiginiň düzüminiň giňeldilmegi sebit we şol sanda tutuş Ýewropa üçin uly bähbitleri getirip biler» — diýip, ol bu guramanyň giňeldilmegini parahatçylygyň we abadançylygyň oňyn taslamasy hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, Günbatar Balkan ýurtlarynyň bu düzüme goşulmagynyň depgini döwletleriň Ýewropa Bileleşigine girmek üçin zerur bolan talaplara laýyk gelmegine bagly bolar.

Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmeklige Albaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Serbiýa, Çernogoriýa we Türkiýe ýaly döwletler resmi taýdan dalaşgär hökmünde görkezildi. 


12.07.2025 19:12
3k+

Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy

2025-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ilkinji gezek Gün stansiýalarynyň kömegi bilen has köp elektrik energiýasyny öndürdi. Bu barada Ember analitiki kompaniýasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär...

09.07.2025 10:18
5.4k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

20.06.2025 20:06
5k+

Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi...

19.06.2025 13:02
2.6k+

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi

17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Mejlisiň çäginde adam...