Türkmenistanyň wekiliýeti Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

  • 06.06.2021 19:23
  • 4.6k+

3-4-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, 24-nji Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.

Sankt-Peterburg şäherinde 1997-nji ýyldan bäri geçirilýän, 120 töweregi ýurtdan 10 müňden gowrak wekili özünde jemleýän bu çäre şu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we öňdebaryjy telekeçileri bir ýere jemledi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy  forumyň mejlisinde çykyş edip, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen tarapyndan başlygy S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň rus tarapyndan başlygy A.Owerçuk, Sankt-Peterburgyň gubernatory A.Beglow, «Объединенная судостроительная корпорация» («Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy») paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory A.Rahmanow bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň we onuň usullarynyň ähmiýeti nygtaldy. Ulag, energetika, senagat, sanlylaşdyrmak, saglygy goraýyş, maliýe we beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberiniň durnukly ösüşi bellenildi.
Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň birnäçe rus korporasiýalary, maliýe we bank edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.

şu gün 13:28
1k+

Her dördünji ýaşaýjy – migrant: Ispaniýa 2 ýylda 2 milliondan gowrak adamy kabul etdi

2023-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Ispaniýa 2 milliondan gowrak migrant geldi. Olaryň agramly bölegi Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenlerdir....

şu gün 10:56
2.8k+

ABŞ-nyň ýaryndan gowragy asyryň iň uly gurakçylygyny başdan geçirýär

ABŞ-nyň ýaryndan köpüsini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 25 ýylyň iň uly gahatçylyklarynyň biridir....

şu gün 08:13
1.3k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
5.5k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......