BSGG COVID-19-a garşy ýene bir hytaý sanjymyny tassyklady

  • 04.06.2021 18:57
  • 7578
BSGG COVID-19-a garşy ýene bir hytaý sanjymyny tassyklady

Hytaýyň koronawirusa garşy Sinovac-CoronaVac sanjymy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlarda ulanylmak üçin tassyklandy. Bu barada BSGG-niň metbugat gullugyna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

Gurama öz beýanatynda Hytaýda öndürilen bu derman serişdesiniň halkara howpsuzlygy we netijelilik standartlaryna laýyk gelýändigini aýtdy. Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanmagy koronawirusa garşy derman serişdesiniň COVAX programmasy we halkara satyn alyşlar arkaly paýlanmagy üçin zerur şertdir.
Ýatlap geçsek, mundan öň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Hytaýyň Sinopharm derman serişdesini adatdan daşary ýagdaýlarda üçin ulanylmak üçin tassyklapdy.


düýn 13:28
3067

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
10516

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...

20.10.2023 10:33
11855

Ýaponiýada COVID-19-dan goranmak üçin bäş sekunt düzgüni oýlanyp tapyldy

Sukuba uniwersitetinden we Halkara Ýuwaş umman uniwersitetinden ýaponiýaly hünärmenleriň topary gözleg geçirip, howa-damja ýoly arkaly geçýän dürli keseller bilen kesellemegiň iň ýokary derejesiniň keseliň çeşmesi...

27.08.2023 12:54
17907

BMGÖM Türkmenistana barlaghana reaktiwleriniň nobatdaky tapgyryny getirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a garşy göreş” maksatnamasynyň çäklerinde nobatdaky lukmançylyk serişdelerini ugratdy. Bu...