«Real» täze tälimçi belledi

  • 02.06.2021 08:31
  • 18k+

“Ewertonyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti Madridiň “Realyna” ýolbaşçy boldy. 

“Karlo Ançelotti geljek üç möwsümiň dowamynda esasy toparyň täze tälimçisi bolar” – diýip, “Realyň” metbugat gullugy habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Ançelotti 2013-nji ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda “Reala” tälimçilik etdi. Klubdaky ilkinji möwsüminde ol “Realy” taryhynda 10-njy we 2002-nji ýyldan bäri ilkinji bolan Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi. Topardan gidenden soň, Karlo “Bawariýa” we “Napoli” toparlaryna ýolbaşçylyk etdi, 2019-njy ýylda bolsa “Ewertona” geldi.
Geçen möwsümde “Real” Ispaniýanyň Premýerasynyň turnir sanawynda diňe “Atletiko” ýol berip, ikinji orny eýeledi. Topar 38 oýunda 84 utuk gazandy we soňky tapgyra çenli çempionlyga dalaşgär boldy, ýöne aýgytly oýunda Madridiň “Atletikosy” ýeňiş gazanyp, tituly elden bermedi. Çempionlar ligasynda “Real” ýarym finala çykdy we netijede baýragyň eýesi bolan “Çelsiden” utuldy. Ispaniýanyň kubogyndan madridliler 1/16 final tapgyrynda çykdylar.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......