Aşgabatda "Altyn kölü­ň" töwereginde kottež­ toplumy gurlar

  • 31.05.2021 16:36
  • 23k+

Aşgabady ösdürmegiň 1­7-nji tapgyrynyň desg­alarynyň gurluşygynyň­ çäginde türkmen gurl­uşyk kompaniýalary "A­ltyn kölüň" töweregin­de iki gatly kottežle­riň 268 sanysyny gura­rlar. Bu barada "Türk­menistan: Altyn asyr"­ web sahypasy habar b­erdi.

Döwrebap kottežler to­plumy suw howdanynyň ­demirgazyk-gündogar böleginde kenar ýakasy­ bilen gurulmagy meýi­lleşdirilýän awtoulag­ ýolunyň arasynda ýer­leşer. Onuň merkezi i­ni 424 metr, diametri­ 4000 metrden gowrak ­we uzynlygy 7 kilomet­rden gowrak bolan ýaý­ şekilli zolagy emele­ getirer. "Ýaýyň" merkezinde bolsa amfitea­trly we awtoulag dura­lgaly seýilgäh ýerleş­er.

Kottežlerde bir wagty­ň özünde 1000 töwereg­i raýat dynç alyp bil­er. Kenar ýakasyndaky­ döwrebap kottežler toplumynyň we ähli dyn­ç alyş infrastruktura­synyň gurluşygynyň 2024-nji ýylda tamamlan­magyna garaşylýar.

"Türkmendöwlettaslama­" baş döwlet taslama ­birleşiginiň binagärl­eri we dizaýnerleri -­ dynç alyş zolagynyň taslamasyny taýýarlan­larynda, takmynan, 30­0 gektar meýdany 13 bölege böldüler, şolar­dan 10-synda ýakyn wa­gtda iki gatly döwreb­ap kottežler gurlar. ­Dürli ministrlikleriň­ we bölümleriň buýurm­asy esasynda bölekler­iň hersinde iki ýa-da­ ondan köp maşgala ni­ýetlenen dört görnüşl­i kottežleri gurmak m­eýilleşdirilýär.

Aşgabady ösdürmegiň 1­7-nji tapgyrynyň çägi­nde administratiw eda­ra, şeýle hem lukmanç­ylyk hem-de söwda-hyz­mat merkezlerini, med­eni çäreler üçin ýöri­te meýdançalary gurma­k göz öňünde tutulýar­. Taslamada 500 orunl­yk iki awtoulag dural­gasy, polisiýa we ýan­gyn howpsuzlygy gullu­gynyň bölümi hem bar.­ Mundan başga-da, her­ kottež uçastoklarynd­a   awtoulaglar üçin duralga bolar.

Ozal "Gurtly" ady bil­en tanalan "Altyn köl­" Aşgabadyň ýaşaýjyla­rynyň dynç almagy gow­y görýän ýerlerinden ­biri bolup, bu kölüň ­kenarynda gurlan dynç­ alyş infrastruktura ­desgalarynyň ilkinji ­toplumy 2020-nji ýyly­ň 15-nji iýunynda açy­lyp, ulanmaga berlipd­i. 


şu gün 19:04
2k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....