Türkmenistan gök önümleriň önümçiligini dört esseden gowrak artdyrdy

  • 29.05.2021 15:57
  • 11k+

2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň hojalyklary gök önümleriniň önümçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,7% artdyrdylar. Bu görkeziji döwlete hem-de hususy eýeçilige degişli bolan ýyladyşhanalaryň netijeli ulanylmagy we sanynyň artdyrylmagy netijesinde mümkin boldy.

Ýanwar aýynda gök önümleriň önümçiligi 31,9% ýokarlanyp, fewral aýynda 41,7%-e ýetdi.
Hünärmenler gök önümleriň önümçiliginiň ýakyn aýlarda mundan hem has artmagyny çaklaýarlar, çünki ýakynda ýurduň dürli sebitlerinde birbada alty sany ýyladyşhana ulanyşa girizildi.
ORIENT agentliginiň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistanda şu ýylyň başky dört aýynda miweleriň we ir-iýmişleriň önümçiligi 4,6%, ýeralmanyň önümçiligi 0,7% ýokarlandy.


şu gün 14:51
1k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...