Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda birbada 140 jaý ulanylmaga berildi

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda birbada 140 jaý ulanylmaga berildi

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda iki gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň 140-sy ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan jaýlaryň otaglarynda, aşhanalarynda we beýleki desgalarynda zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Her ýaşaýyş jaýynyň özüniň mellek ýeri bolup, bu ýerde ekerançylyk, bagçylyk bilen meşgullanmak üçin şertler bar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy.