«Türkmengaz» daşary ýurtly hyzmatdaşlaryndan turba önümlerini satyn alar

  • 22.05.2021 16:20
  • 9.9k+

«Türkmengaz» döwlet konserni Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur bolan dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň «Трубная Металлургическая Компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygyny zerur bolan turba önümleri bilen öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 19:01
2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.1k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...