Brand Finance: «Real» – dünýäde iň gymmat futbol brendi. «Barsa» – ikinji

  • 19.05.2021 13:36
  • 16k+

Angliýanyň Brand Finance konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat futbol brendleriniň reýtingini neşir etdi.

Sport24.ru saýtynyň habar bermegine görä, geçen ýylda bolşy ýaly, sanawda birinji orny «Real» eýeledi. Şol bir wagtda klubuň brendiniň bahasy 1,572 mlrd dollardan 1,499 mlrd dollara çenli peseldi. Reýtingde ikinji orny katalon «Barselonasy» saklap galdy, brendiň bahasy 1,487 mlrd dollar. Üçünji orunda — «Mançester Ýunaýted» (1,327 mlrd).
«Liwerpul» dördünji orundan altynjy orna düşdi.

Dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň 10-lugy şundan ybarat:

  1. «Real» (1,499 mlrd dollar)
  2. «Barselona» (1,487 mlrd)
  3. «Mançester Ýunaýted» (1,327 mlrd)
  4. «Mançester Siti» (1,313 mlrd)
  5. «Bawariýa» (1,255 mlrd)
  6. «Liwerpul» (1,143 mlrd)
  7. «PSŽ» (1,042 mlrd)
  8. «Çelsi» (904 mln)
  9. «Tottenhem» (849 mln)
  10. «Arsenal» (792 mln)
şu gün 12:23
2.1k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

şu gün 12:05
986

UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler

Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler...

şu gün 07:58
2.9k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...

düýn 20:53
10k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...