Ýaponlaryň 60%-i Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegine garşy çykýar

  • 17.05.2021 20:20
  • 8.5k+

Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 60%-i Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň ýatyrylmagyny goldaýar. Muny Kiodo agentligi tarapyndan geçirilen derňewiň netijesi delillendirýär diýip, kp.ru habar berýär.

Sorag edilenleriň diňe 12,6%-i Oýunlaryň geçirilmegine, ýöne çäkli tomaşaçy bilen geçirilmegine ses berýär. Ýene 25,2%-i çäräniň boş münberler bilen geçirilmegini goldaýar.
Görnüşi ýaly, ýaponlar, esasan, şu tomus Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegine garşy çykýarlar. Bu sanjym depgininiň pes bolmagy we kesellänleriň sanynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de bolsa, ýekşenbe güni Tokioda Paralimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 100 güni yza sanamagyň şanyna dabara geçirildi we onda guramaçylar, şeýle-de Halkara paralimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Endrýu Parsons “üstünlikli we howpsuz oýunlaryň” geçirilmegi ugrunda çykyş etdiler.
Bu derňew 15 we 16-njy maýda geçirildi. Soraga gatnaşanlaryň sany we ýalňyşlaryň ähmiýeti görkezilmedi. Bu gezek jogap berýänlere ilkinji gezek “çäräni yza süýşürmeli” jogap warianty hödürlenmedi.

düýn 23:43
2.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
5.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......