2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň resmi aýdymy hödürlendi

  • 16.05.2021 19:50
  • 9.8k+

2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň resmi saundtreki belli boldy. Bu aýdym gollandiýaly dijeý Martin Garriks we irlandiýaly U2 toparynyň agzalary Bono bilen Ej tarapyndan döredildi. Aýdym “We are The People” (“Biz – adamlar”) diýlip atlandyryldy. Bu barada sport24.ru habar berýär.

“Ahyrsoňy men şu ýyl Ýewro-2020 futbol ýaryşynyň resmi aýdymy bolan, Bono bilen Ejiň gatnaşmagynda döreden “We are The People” atly täze aýdymymy paýlaşyp bilýärin” – diýip, Garriks öz kanalynda ýazdy.

Ýatlap geçsek, Ýewro-2020 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda Ýewropanyň 11 şäherinde (Amsterdam, Baku, Budapeşt, Buharest, Glazgo, Kopengagen, London, Mýunhen, Rim, Sankt-Peterburg, Sewilýa) geçiriler. Öň Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) toparlaýyn tapgyryň üç oýnunyň Dublinden Sankt-Peterburga geçirilendigini mälim etdi. Şeýlelik bilen, Russiýanyň bu şäheri toparlaýyn tapgyryň alty oýnuny we 1/4 finalyň bir oýnuny kabul eder.

düýn 21:24
3.8k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

düýn 11:59
2.9k+

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

düýn 11:48
1.9k+

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 11:45
3.7k+

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...