Iň oňat batareýaly smartfonlaryň reýtingi düzüldi

Iň oňat batareýaly smartfonlaryň reýtingi düzüldi

Öň smartfon kameralarynyň reýtingini düzmekde tanalýan "DxOMark"-yň fransuz analitikleri indi smartfon batareýalaryna hem baha berip başladylar. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

"DxOMark" batareýalaryň täze görkezijisini işläp taýýarlady. Awtorlar batareýalara zarýad beriş tizligi, özbaşdaklyk, dürli iş ugurlarynda netijelilik ýaly birnäçe parametrler boýunça baha berýärler. Hünärmenler bularyň hemmesini synaglaryň dowamynda öwrenerler. Sebäbi "DxOMark"-yň sanawy heniz doly däl. Awtorlar häzirlikçe "Samsung Galaxy M51", "OPPO Find X3" ýaly 17 sany smartfona baha bermäge ýetişdiler.
Aslynda, “Galaxy M51” 88 utuk bilen reýtingde öňdebaryjy boldy. Ondan soň “Wiko Power U30” ýerleşdi. “Apple iPhone 12 Pro Max” bolsa dördünji orny eýeledi. Sanawda  häzirlikçe "Xiaomi Redmi 9" iň soňky boldy.