Türkmen Lideri gyrgyz kärdeşini täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlady

  • 14.05.2021 18:12
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde gyrgyz kärdeşini sala-salşyklaryň üstünlikli geçirilmegi we täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlady.

Türkmen Lideri Esasy Kanunyň Gyrgyzystanyň mundan beýläk-de ösmeginde ygtybarly binýat boljakdygyny hem-de gyrgyz halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow ýene-de bir gezek dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza baýramy bilen birek-biregi gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......