Pekinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 13.05.2021 16:11
  • 6.9k+

Hytaýda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň başlyklary ýagny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow bilen HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
S.G.Berdimuhamedow öz çykyşynda Hytaý iri söwda hyzmatdaş bolup durýandygyny, şeýle-de Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegi hem-de ýokary derejede ysnyşykly gatnaşyklary goldamagy maksat edinýändigini belledi.
Taraplar häzirki wagtda gaz babatdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, maliýe-bank ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.
Iki döwletiň hususy we döwlet gurluşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ikitaraplaýyn mehanizmleri işjeňleşdirmek arkaly kiçi telekeçilik pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretmek babatda türkmen tarapynyň teklibi öňe sürildi.
Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini göz öňünde tutup, taraplar bu ugurda özara hereketleri giňeltmegi ylalaşdylar.

şu gün 15:48
818

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......