Kaliforniýanyň ilaty 2020-nji ýylda ştatyň taryhynda ilkinji gezek azaldy

  • 09.05.2021 15:48
  • 10k+

ABŞ-nyň iň gür ilatly ştaty bolan Kaliforniýanyň ilatynyň sany geçen ýyl 180 müňden gowrak adam azaldy. Bu hadysa ştat 1850-nji ýylda esaslandyrylandan bäri ilkinji gezek boldy diýip, Associated Press agentligi habar berýär. Muny mk.ru ýetirýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, geçen hepde ABŞ-nyň ilat ýazuwy býurosy Kaliforniýanyň ABŞ-nyň Kongresinde ilkinji gezek bir orny ýitirjekdigini duýdurdy. 
Soňky ýyllarda beýleki amerikan ştatlarynda ilat Kaliforniýa garanda has çalt ösýär. Kaliforniýanyň döwlet syýasaty instituty tarapyndan geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlarynyň seljerilmesine görä, 2010-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Kaliforniýa 4,9 mln töweregi adam göçüp bardy, takmynan, 6,1 mln adam bolsa beýleki ştatlara göçdi.
Respublikanlar bu “progressiw syýasat”, jaý bahalary, ýokary salgytlar bilen bagly bolup biler diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de, 2020-nji ýylda Kaliforniýada koronawirus pandemiýasy sebäpli 51 müň adam ýogaldy. Agentligiň maglumatlaryna görä, “kowiddan öňki” ýyllarda Kaliforniýa 140-150 müň, 2020-nji ýylda bolsa 29 müň daşary ýurtly göçdi. Tutuş dünýädäki lokdaunlar Kaliforniýa gelýän daşary ýurtly talyplaryň sanynyň 29%, ýa-da takmynan, 53 müň adam azalmagyna getirdi. Mundan başga-da, Kaliforniýada çaga dogluş derejesi peselmegini dowam etdirýär.

düýn 18:54
5.2k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.6k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....

20.04.2026 20:13
6.8k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......