Giperde Remezan arzanlaşygy

Giperde Remezan arzanlaşygy

Onlaýn söwda gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Müşderilere amatly bahadan ýokary hilli harytlaryň giň toplumyny hödürleýän internet dükanlarynyň sany bolsa barha artýar. Şeýle onlaýn söwda meýdançalarynyň biri hem Giper söwda platformasydyr.

500-den gowrak haryt nyşanyny, dürli kategoriýalarda 20 müňden gowrak harytlary özünde jemleýän «Giper» onlaýn marketi mukaddes Remezan aýy mynasybetli uly arzanlaşyk aksiýalaryny geçirýär. Maý aýynyň 7-sinden 12-si aralygynda her günde harytlaryň birnäçesine uly arzanlaşyk yglan ediler. 30%-e çenli arzanlaşyklar alyjylary parhsyz goýmasa gerek.
Dünýä belli hem-de ýerli önüm öndürijileriniň önümlerini hödürleýän «Giper» söwda platformasy müşderileriniň göwnünden turmak üçin hyzmatynyň hilini barha ýokarlandyrýar.
Giper onlaýn dükanynyň hödürleýän amatly aksiýalary bilen has ýakyndan tanyşmak üçin
gipertm.com saýtyna girip bilersiňiz. Şeýle hem onuň mobil görnüşini GooglePlay hem-de AppStore-den ýükläp alyp bilersiňiz.