Saglyk üçin iň zyýansyz suw hakynda hünärmeniň maslahaty

  • 02.05.2021 10:00
  • 20k+

«Barýer» kompaniýasynyň biohimik hünärmeni Mariýa Kuleşowa «Narodnye Nowosti» bilen geçirilen söhbetdeşlikde nähili suwuň saglyk üçin has ygtybarlydygyny aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmen «SanPiN-iň» standartlaryna laýyk gelýän suwy arassa suw diýip atlandyryp boljakdygyny aýtdy. Arassa suwuň düzüminde bakteriýalar, legionellalar (mikroorganizmler), agyr metallar, hlor we beýleki zyýanly maddalar bolmaly däldir. Ýaşaýyş jaýlaryna gelmänkä arassalanýandygyna garamazdan, suwuň düzüminde patogen mikroorganizmleriň ýok edilmegi üçin zerur bolan hloruň galan bolmagy mümkin.
Köp adamlar süzülen suwdan gaýnadylan suwy gowy görýärler. Şeýle-de bolsa, Kuleşowanyň pikiriçe, suwuň termiki taýdan işlenmegi molekulýar baglanyşyklaryň ýok edilmegi, duzlaryň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagy we hlor molekulalarynyň rak keseline sebäp bolup bilýän kanserogenlere bölünmegi tarapdan howp salyp bilýär.

"Gaýnadylan suw nitratlardan, nebit önümleriniň we agyr metallaryň yzlaryndan dynmaga kömek etmeýär, suwuklygy gepatit A wirusyndan we botulizm bakteriýalaryndan arassalamak üçin, azyndan, 30 minut gaýnatmaly" diýip, hünärmen sözüniň üstüne goşýar.

düýn 23:14
1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....