Türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri maslahatlaşyldy

  • 01.05.2021 06:33
  • 11k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi.
Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasda ýola goýulýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirip, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Iki dostlukly ýurduň Liderleri pursatdan peýdalanyp, bütin musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy mynasybetli ýene-de bir gezek birek-birege gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

düýn 17:52
2.1k+

Brand Finance dünýäniň iň gymmat bank brendleriniň adyny aýtdy

Brand Finance konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat 500 bank brendiniň her ýylky reýtingini hödürledi. Hytaýyň Industrial Commercial Bank of China (ICBC) banky reýtingiň lideri bolmagynda galýar. Bir ýylyň dowamynda bu bankyň brendiniň bahasy 14,9% artyp, 90,8 milliard dollara ýetdi...

düýn 13:41
9.4k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 10:10
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi...

düýn 09:43
3.2k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda...