Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 28.04.2021 12:17
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmen-owgan gatnaşyklarynda ynsanperwer ugra hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň doganlyk owgan halkynyň agzybir, parahat we abadan durmuşda ýaşamagynyň tarapdarydygy aýratyn nygtaldy. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermek bilen, bu däbi mundan beýläk hem dowam etmegi göz öňünde tutýar.

düýn 19:47
787

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
2.2k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......