Россия, Литва, Шотландия. Три примера успешной борьбы с алкоголизмом

  • 25.04.2021 11:41
  • 8.1k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň soňky maglumatlaryna görä, Ýewropa sebitinde soňky 6 ýylyň dowamynda alkogolyň sarp edilişi 12,5 göterime çenli peseldi. Sebitiň bir ýaşaýjysy 2010-njy ýylda ortaça 11,2 litr spirtli içgi içen bolsa, 2016-njy ýylda bu görkeziji 9,8 litre çenli azaldy. Bu sebitde alkogolly içgilere bagly bolmak sebäpli her ýylda takmynan ýarym million adam aradan çykýar. Spirtli içgileriň çendenaşa köp ulanylmagy ýürek-damar we onkologiýa keselleri bilen bagly howply ýagdaýlara getirip bilýär diýip, BSGG-niň bilermenleri aýdýarlar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň internet saýtynda aýdylýar.

Ýewropa döwletleriniň köpüsinde hökümetler tarapyndan kabul edilen netijeli usullar arkaly alkogolly içgileriň sarp edilişini azaltmak mümkin boldy. Ol usullaryň aglabasy BSGG-niň hünärmenleri tarapyndan maslahat berildi.
Russiýada soňky 15 ýylda spirtli içgileriň sarp edilişi 43 göterime çenli peseldi. Bu ýurt sebitde ilkinjileriň hatarynda alkogolly içgileriň sarp edilişine güýçli gözegçiligi ýola goýdy. Alkogolly içgilere salgytlaryň köpeldilmegi, olaryň satylyş wagtyna we bu ugurdaky kanunçylyga çäklendirmelerdir üýtgeşmeleriň girizilmegi ýurduň Hökümeti tarapyndan edilen işleriň netijeliligini tassyklaýar.
Litwada 2000-nji ýyllaryň başynda alkogolyň sarp edilişiniň ilatyň jan başyna düşýän möçberi dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridi. 2008-nji ýyldan başlap, ýurtda käbir öňüni alyş çäreleri geçirildi: spirtli içileriň mahabatyna çäklendirmeler girizildi, benzin guýulýan stansiýalarda we kiosklarda olary satmak gadagan edildi, alkogolly içileriň satylýan wagty gysgaldy. Soňky geçirilen çäreler habar beriş serişdelerinde, internetde, mahabat şitlerinde alkogolyň mahabat edilmegini doly gadagan etdi, ony ulanmagyň kanuny ýaşy 18 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýokarlandyryldy, şeýle içgilere aksiz salgydy görnetin artdyryldy diýip, Litwanyň saglygy goraýyş ministri Awreliý Weriga aýdýar.
Şotlandiýanyň Hökümeti bu içgileriň ilatyň özüni alyp barşyna we endiklerine edýän täsirini anyklamak maksady bilen, spirtli içgileri içmek üçin ony satyn almagy 1 gezege çenli azaltdy, alkogolly içgiler lomaý satyn alnanda edilýän islendik arzanladyşlar gadagan edildi. Şeýle hem ýurduň Hökümeti arakkeşlige garşy göreşmek boýunça maglumat çärelerini geçirdi, içgini taşlamak isleýänlere mugt maslahat beriş işleri hödürlenildi. Şunlukda, täze syýasatyň girizilen ilkinji ýylynda alkogolyň satylýan möçberi 25 göterime, ony aşa köp içmek bilen bagly ýogalýanlaryň sany bolsa 10 göterime çenli aşak düşdi.

13.04.2026 17:59
3.9k+

Gül Mebel — Большие скидки на мебель вашей мечты!

В магазине Gül Mebel продолжается грандиозная акция: СКИДКА 30% на весь ассортимент товаров!...

06.04.2026 11:49
16k+

Прогноз погоды в Туркменистане: весенние контрасты

На этой неделе метеорологи прогнозируют, что начало недели в Туркменистане будет дождливым и ветреным. Однако вторая половина недели выдастся сухой и теплой....

01.04.2026 18:38
12k+

Официальные дилеры Toyota в Туркменистане отметили достижение нового рубежа

В 2025 году компания Toyota достигла исторического результата на автомобильном рынке Туркменистана — объем продаж через официального дистрибьютора Toyota Central Asia FZE стал рекордным за весь период поставок....

31.03.2026 12:06
1.9k+

Ýönekeý помогает абитуриентам сдать экзамен CSCA для поступления в вузы Китая

Компания Ýönekeý помогла абитуриентам успешно сдать экзамен CSCA (China Scholastic Competency Assessment), который с этого года стал обязательным стандартом для поступления в университеты Китая....