Režissýor Stiwen Spilberg «Marvel-de» iň gowy görýän filmi hakynda aýtdy

  • 21.04.2021 15:19
  • 9.6k+

Holliwudyň tanymal režissýory we prodýuseri Stiwen Spilberg "Marvel"-de iň gowy görýän supergahryman filmi hakynda aýtdy. Muny “Screen Ran” neşirine salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berdi.

Žurnalistleriň pikiriçe, Spilberg “Marvel”-iň filmleriniň içinde Jeýms Gannyň režissýorlyk eden 2014-nji ýyldaky “Galaktikanyň goragçylary” ("Guardians of the Galaxy") filmini has gowy görýär. Muny eşidip, filmiň režissýory Gann diýseň hoşal bolandygyny aýtdy. Ol özüniň Twitter sahypasynda diňe Spilbergiň "Çelýusti" (“Jaws”) we "Indiana Jons" (“Indiana Jones”) filmlerine tomaşa edeninden soň film düşürmek kararyna gelendigini ýazdy.
“Galaktikanyň goragçylary” kosmos operasynyň eýýäm birnäçe gezek meşhur režissýorlaryň iň gowy görýän filmi hasaplanandygy bellärliklidir. Mundan ozal ony režissýor Gilýermo Del Toro "Marvel" kino äleminde iň gowy film diýip atlandyrypdy.
Filmde ilki bilen şahsy bähbitleri üçin, soňra bolsa tutuş planetany weýrançylykdan halas etmek üçin bir toparda birleşýän kosmos başdan geçirmeleri hakda gürrüň berilýär. Film gyzykly we aýdyň keşpleri, gülkünç degişmeleri hem-de reňbe-reň öwüşginleri bilen kino muşdaklarynyň ençemesiniň hakydasyna siňmegi başardy.

düýn 17:04
1.8k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....