Waşington ştatynda 2030-njy ýyldan başlap benzinli awtoulag satuwy bes ediler

Waşington ştatynda 2030-njy ýyldan başlap benzinli awtoulag satuwy bes ediler

Ýakynda Waşington ştatynyň kanun çykaryjy edarasy 2030-njy ýyldan başlap benzin bilen işleýän awtoulaglaryň satuwyny bes etmegi maksat edinýän kanun kabul etdiler. Bu barada The Verge habar berdi.

Ýuwaş ummanynyň Demirgazyk-Günbatar ştaty gazylyp alynýan ýangyjyň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsiri netijesinde elektrik ulaglaryny ornaşdyrmak baradaky tagallalarynyň çaltlaşdyrylmagy bilen baglylykda şeýle karara geldi.
Daşky gurşawy goramak gullugynyň habaryna görä, ABŞ-da energiýa pudagyndan hem öň ulag pudagy bug gazlarynyň esasy çeşmesi bolup durýar.
Geçen ýyl Kaliforniýanyň gubernatory ABŞ-nyň öňdebaryjy awtoulag bazarynda satylýan ähli täze awtoulaglaryň we ýük awtoulaglarynyň 2035-nji ýyla çenli bug gazyny çykarmazlygyny talap edýän buýrugy neşir etdi. Şuňa meňzeş düzgüni Kanadanyň Kwebek welaýaty hem çykarypdy.