Türkmenistanda demir ýol biletlerini onlaýn ýagdaýda yzyna gaýtarmak hyzmaty ýola goýuldy

Türkmenistanda demir ýol biletlerini onlaýn ýagdaýda yzyna gaýtarmak hyzmaty ýola goýuldy

«Demirýollary» AGPJ-nyň resmi web sahypasynda satyn alnan demir ýol biletlerini onlaýn usulda yzyna gaýtarmak mümkinçiligi elýeterli edildi. Munuň üçin railway.gov.tm saýtynyň baş sahypasyndaky «Biletleri yzyna gaýtarmak» bölüminde degişli talapnamany doldurmaly.

Ekranyň ýüzüne çykýan meýdançada biletiň belgisini girizip, «Indiki ädim» düwmesine basmaly we Altyn Asyr kartynyň hereket ediş möhletini görkezip, "Gaýtarmak" düwmesine basmaly.  Şondan soň ähli çykdajylar, töleg biletleri yzyna gaýtarmak ulgamyna laýyklykda, Altyn Asyr kartaňyza gaýtarylar.
1-3 günüň içinde bankdan tölegiň yzyna gaýtarylandygy barada SMS tassyklamasy geler.
Hyzmatlar üçin - 3 manat, yzyna gaýtarmak üçin bolsa 5 manat ýygym tutulýar. Şunuň bilen birlikde, biletiň haçan yzyna gaýtarylýandygy hem möhümdir.
Bilet otlynyň ugramagyna 6 sagat galmazdan öň yzyna gaýtarylsa, ýol nyrhyndan 10% -i tutulýar. Bilet otlynyň ugramagyna 6 sagatdan az wagt galanda yzyna gaýtarylsa, ýol nyrhyndan 25% -i tutulýar.
Onlaýn bileti otlynyň ugramazyndan 1 sagat öň hem yzyna gaýtaryp bolýar. Eger-de ondan giç bolsa, bileti diňe otlynyň ugramazyndan 10 minut öň kassa baryp, yzyna gaýtarmaly bolar.
Otly biletlerini onlaýn ýagdaýda yzyna gaýtarmak funksiýasy ýakyn geljekde Android we iOS ulgamlary üçin ykjam programmalara  hem goşular.

Biletleri yzyna gaýtarmak barada goşmaça maglumatlary Goldaw merkezinden telefon arkaly alyp bilersiňiz: +993 12 383273+99312 383274+993 383275.